Sepleriň elýeterliligi

Dünýä liderleri Mubaregiň işden çekilmegini gutlaýar


Dünýä liderleri we ýokary derejeli resmiler Müsüriň prezidenti Hosni Mubaregiň iş başyndan çekilmek kararyny gutlaýarlar we demokratiýa tarap basymrak ugur almaga çagyrýarlar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama häkimiýetiň parahatçylykly geçişini gutlap, «Müsür halky sözüni aýtdy, olaryň sesi eşidildi. Indi Müsür hiç wagt şol öňki durkunda bolmaz» diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ýolbaşçysy Katrin Aşton, german, britan we fransuz lidlerderi hem Mubaregiň kararyny gutlap çykyş etdiler. Olaryň hemmesi azat saýlawlara tarap ugur almaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG