Sepleriň elýeterliligi

Kairiň Tahrir meýdançasynda arassaçylyk işleri başlandy


Kairiň Tahrir meýdançasynda arassaçylyk işleri başlandy. Bu ýer uzak wagtlyk prezident Hosni Mubaregiň işden gyrakladylmagyna getiren halk gozgalaňynyň merkezi boldy.

Ýerli ilat köçeleri sürürip, hapa-hupalary ýygnasa, goşun esgerleri 18 güne çeken protest mahalynda Tahrir meýdançasynyň daşyny gurşan demir haýatlary we tikenli simleri aýyrýarlar.

Müňlerçe demonstrant, Mubaregiň işden çekilmegini baýram edip, uzak gijäni Tahrir meýdanynda geçirdi.

Mähelleden bir ýigit ýurduň täze harby ýolbaşçylary demokratiki raýat dolandyryşyna tarap çalasyn süýşmeseler, protestleriň ýene dikeldiljekdigini aýdyp, şeýle diýdi: «Bu režimiň aýrylmagy bir talap, emma bu ýerde entek ýerine ýetirilmedik başga talaplar hem bar. Raýat hökümeti we sistemanyň doly çalşyrylmagy gerek. Mubaregiň gitmegi wakanyň soňy däl. Onuň sistemasy bu ýurduň hemme ýerinde kök urdy. Biz soňky 30 ýylda rak keseli bilen keselledik» diýip, Tahrir meýdanydaky protestçi aýtdy.
XS
SM
MD
LG