Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Smitsonian Institutynyň delegasiýasy Türkmenistanda boldy


Smitsonian Institutynyň delegasiýasy Türkmenistanyň Milli muzeýinde seminar geçirdi. (Wideo reportaž ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanyldy.)

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanow Smitsonian Institutynyň delegasiýasyna ýolbaşçy bolup Türkmenistana baran bilermen Dr. Paul Teýlor bilen söhbetdeş boldy. Dr. Paul Teýlor Aziýanyň medeni taryhy boýunça programma ýolbaşçylyk edýär.

Azatlyk Radiosy: Jenap Teýlor, Türkmenistana saparyňyzyň esasy maksady barada aýdýasaňyz.

Dr. Paul Teýlor: Bu ýere gelmegimiň esasy maksady bäriniň muzeýlerinde işleýän kärdeşlerim hem dostlarym bilen duşuşmak we gepleşikler geçirmek boldy. Bu gepleşiklerde biz öz muzeýlerimiz barada maglumat alyşýarys. Şeýle-de biz muzeýlere degişli dürli temalardan seminarlary geçirýäris. Men bu temalaryň ählisi barada doly durup biljek däl, sebäbi bu temalaryň aglaba bölegi muzeý pudagynyň ýörite bilermenlerine degişli bolup durýar.

Hususan aýtmaly bolsa, men ugrum boýunça medeniýet antropology. Smitsonian delegasiýanyň düzüminde bu ýerä gelmäge gyzyklanma bildirmegimiň esasy sebäpleriniň biri - antropolog üçin Türkmenistanyň örän gyzykly ýer bolmagydyr.

Azatlyk Radiosy: Saparyň dowamynda siz türkmen resmileri bilen, muzeý işgärleri bilen nähili duşuşyklar geçirdiňiz?


Dr. Paul Teýlor: Biz Medeniýet ministrliginiň wekilleri, şol sanda ministriň özi bilen hem duşuşdyk. Şeýle-de biz medeni ýadygärlikeri gorap saklamak boýunça guramanyň işgärleri we bu edaranyň başlygy Muhammet Mämmedow bilen hem gepleşik geçirdik.

Mundan başga-da biz Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Haly muzýeinde, Türkmen milli muzýinde köp adamlar bilen duşuşdyk we gowy gezelenç etdik.

Şeýle-de bu ýerleriň köpüsinde görkezilişe çykarylmadyk materiallaryň görkezilmegine gyzyklanma bildirdim.

Hepdäniň ahyrynda biz Mara we “Merw” arheologiýa meýdanyna gitdik. Ol ýerde jenap Rejep Jepbarow bilen söhebetdeş bolmak, juda ýakymly boldy. Men onuň bilen öň Waşingtonda duşuşypdym. Şol ýerde ol meni Mara gezelenje gelmäge çagyrypdy. Görşüňiz ýaly, men muny başaryp bildim.

Azatlyk Radiosy: Jenap Teýlor, siz Türkmenistanyň muzeýlerinde bolup görüpsiňiz, taryhy ýadygärliklerine aýlanyp görüpsiňiz. Sizde bu saparlarda nähili täsirler galdy hem-de Türkmenistanda muzeý işiniň gurnalyşy barada näme aýdyp bilersiňiz?

Dr. Paul Teýlor: Bu meniň başga döwetleriň muzeýlerine ilkinji gezek aýlanyp görşüm däl. Her bir döwletiň zatlara özboluşly çemeleşmesi bar. Şeýle-de men bu ýere diňlemäge, öwrenmäge hem zatlary synlamaga geldim.

Umuman aýdylanda, bärde görkezilen kolleksiýalaryй, materiallaryň hili mende uly täsir galdyrdy.

Dünýäniň ähli müzeýlerinde-de bolşy ýaly, materiallaryň saklanyş şertleri juda möhüm bolup durýar. Meniň pikirimçe, türkmen halylarynyň milli halyçylyk dikeldiş usullary gaty möhüm ugurdyr. Şeýle-de, biz bu milli dikeldiş usullaryndan, köp zatlary öwrenip bileris. Meniň pikirimçe, haçan-da biziň Merkezi Aziýa halylarymyza bir zeper ýetende, biz olary diketlmek üçin, belkem, size iberip bileris. Biz bu ýagdaýdan köplenç peýdalanýarys. Diýjek bolýanym, milli bolan zatlary milli spesialistleriň seretmegine iberýäris.

Beýleki materiallaryň dikeldiş usullary barada aýdylanda, biziň usullarymyz siziňkiden birneme tapawutlanýar. Şol sebäpli, biziň birek-birekden öwrenmäge hem maglumat alyşmaga köp zadymyz bar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Teýlor, Türkmenistanda muzeý işiniň guralyşy, halkara standartlaryna laýykmy hem-de şol muzeýler daşary ýurtly syýahatçylary gyzyklandyryp bilermi?


Dr. Paul Teýlor: Müzeýler, gep-gürrüňsiz, turizmiň esasy bölekleriniň biridir. Meniň pikirimçe, bärdäki muzeýler öz ýerli we daşary ýurtly müşderileriniň sanyny artdyryp bilerdi. Bu-da esasanam, hyzmatdaşlygyň üsti bilen amala aşyrylýar. Sebäbi daşary ýurtdan gelenler bärde Turkemistanyň ilaty bilen deňeşdirlende taryha başgaçarak garaýarlar. Mysal üçin, goşmaça maglumat berilmegi biziň ýerli taryhdaky käbir bilmeýän ýa düşünmeýän zatlarymyza aýdyňlyk salyp bilerdi.

Müzeýleriň daşky gurluşy we tanyşdyrylyşy barada aýdylanda, bularyň ählisi juda gowy.

Meniň, elbetde, bu müzeýleriň ýylylyk derejesiniň kontrollyk standarlary dünýä derejesine nä derejede gabat gelýändigi barada belli bir maglumatym ýok. Sebäbi bu barada bir zatlary aýtmak üçin, 2-3 ýylyň dowamynda degişli hasabatlaryň ýöredilmegi zerurdyr. Ýöne her niçigem bolsa, bu ugurda her bir müzeýiň öz çemeleşiş usuly bardyr.

Halkara standartyň başga-da bir tarapy – bu hasaba almak ulgamydyr, ýagny kolleksiýalaryň “pasportizasiýasy” - pasportlaşdyrylmagy diýlip atlandyrlan ulgamyň möhüm orny bar. Bu öz gezeginde saklanyşyň - konserwasiýanyň hem möhüm bölegidir. Sebäbi haçan-da köp predmetler bolanda, olaryň hasabyny ýöretmek wajyp bolup durýar. Gowy maglumatlar bazasy, kataloglar, hasaplar we suratlar saklanyşyň bölekleridir. Birinjiden – bu howpsuzlyk babatyndan seredilende, bir zat ýiteninde onuň ýok bolandygyny çalt anyklamak bolýar. Sebäbi bu açyk we aýdyň inwertirizasiýa – ýazga geçirlen. Eger-de bir zat ýiten halatynda, bu barada ýeňillik bilen habar ýaýradyp bolýar. Şeýle-de başga biri tarapyndan bu tapylanda, muny aňsatlyk bilen talap edip bolýar.

Ogurlyklaryň öňüniň alynmagy we ýokary derejede howpsuzlygy üpjün etmek üçin gowy, dürüs kataloglaryň bolmagy zerur. Informasiýa tehnologiýalarynyň möhümdiginiň başga-da bir sebäbi bu obýektleriň saklanmagy we dikeldilmegi üçin hem zerurdyr.

Haçan-da, sizde gowy maglumat bazasy, suratlar bar bolsa, öz kolleksiýalaryňyzy diňe bir müzeýde däl, dünýäniň ähli künjeklerinde öýjükli suratlaryň we informasiýanyň üsti bilen görkezip bilýäňiz. Bu-da kolleksiýalaryň has az zaýylanmagyna getirýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň geçiren seminarlaryňyzda muzeý işiniň informasiýa tehnologiýalaryny girizmek barada gürrüňler boldumy?

Dr. Paul Teýlor: Hawa. Geçirilen seminar dört bölekden ybaratdy. Birinji bölekde, dürli muzeý görnüşleriniň nädip hödür edilmesginiň taryhy düşündirilýär. Ikinji böleginde muzeý bilen bagly çäreleriň – sergileriň, aň-bilim ýaýratmagyň üstünde durlup geçildi. Şeýle-de, muzeýlerdäki informasiýa tehnologiýalarynyň käbir ugurlaryna garaldy. Seminaryň üçünji böleginde esasan muzeýlerdäki informasiýa tehnologiýalary düşündirildi. Dördünji bölek bolsa, üstünde işleniljek kompleks proýektleri saýlap-seçip almak barada boldy. Muzeýlerdäki köp maglumatlary we köp proýektleri sergiler, aň-bilim bermek üçin nädip saýlap alynmalydygy düşündirildi. Şeýle-de biz öz işimiziň aspektlerimizi saýlap alşymyz barada boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Teýlor, iň soňky sorag, siziň saparyňyzyň dowamynda, türkmen resmileri bilen bolan duşuşyklarda haýsy-da bolsa şertnama baglanyşyldymy ýa-da geljekde bilelikde alnyp baryljak işler barada ylalaşyldymy?

Dr. Paul Teýlor: Bu meniň Türkmenistana ilkinji saparym. Şol sebäpli bu dolylygyna tanyşlyk matlaply sapardyr. Mundan başga-da biz öz kärdeşlerimiz bilen duşuşmagymyza we söhbetdeş bolgamyza gowy mümkinçilik döretdi. Şonuň bilen baglylkda biz eýýäm birek-biregimize köne dostlar hökmünde garaýarys.

Men bärde – Türkmenistandaky ýagdaýlary bilemok, emma meniň öz ýurdumda – Waşingtonda haýsydyr bir mesele kabul ediljek wagty, ol uly býurokratiýa duçar bolýar. Şeýle-de belli bir işiň amala aşyrylmagy üçin birnäçe tassyklamalardan hem geçmeli.

Her niçigem bolsa, leksiýalar bermek, pikir alyşmak, geljekki barlaglaryň özenini düzmek nukdaý nazaryndan, bu örän möhüm sapar boldy. Şeýle-de men bu ýerde başlanan amatly planlaryň mundan beýläk-de üznüksiz dowam etdiriljegine ynanýaryn.
XS
SM
MD
LG