Sepleriň elýeterliligi

Syýasat


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat (sagda) rus şahyry Bulat Okudjawa bilen Penklubyň duşuşygynda, Stokgolm, Şwesiýa.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat (sagda) rus şahyry Bulat Okudjawa bilen Penklubyň duşuşygynda, Stokgolm, Şwesiýa.

Syýasat bir üsti ot-çöpli batga,
Çümdüňmi, çykmagyň gümana, meger.
Biri saňa halas golun uzatsa,
Beýlekiler onam itip goýberer.

«Nätdik!» diýşip, owkalarlar ellerin,
Soňra garaşarlar indiki pida.
«Hapa batsaň boýuň bile» diýleni,
Başaşak çümenden eşdilmez seda.

Şahyr bolsaň ilmejek bol çeňňege,
Barma syýasatyň ýele ýanyndan.
Eger bardy-geldi, tötänlik bilen
Jyklan bolsaň, gaýt zeleliň ýaryndan.

Çünki, syýasata baş sokan şahyr
Eýýäm şahyram däl, syýasatçam däl.
Zehini terezä salyjy bolma,
Ters ýola aparýan ýodajykdan dän.

Krylowyň basnýasyn unutma, şahyr:
Ne-hä guw, ne leňňeç, ne-de bir balyk,
Eger ýüki çekse hersi bir ýana –
Asmana sowrular kül bolan baýlyk.

Agzyboş hatara durma nobata,
Sensizem demagog kemlik edenok.
Poeziýa syýasata çatylsa,
Gamçy bulaý – paýtun öňe gidenok!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG