Sepleriň elýeterliligi

«Altyn Asyr» bazarynda dörän başagaýlyk


Öňki bazarda hepdäniň üçünji, dördünji, şenbe we ýekşenbe günleri bazar bolýardy. Emma täze açyljak bazarda söwda her gün bolar diýlip, habar berilýär.

Öňki bazarda hepdäniň üçünji, dördünji, şenbe we ýekşenbe günleri bazar bolýardy. Emma täze açyljak bazarda söwda her gün bolar diýlip, habar berilýär.

Bir ýyla golaý wagt bäri Aşgabadyň jygyllyk bazarynyň täze ýere göçüriljekdigi barada ilaty howsala salan myş-myşlar ahyr soňlandy. Ýöne gün-güzeran üçin adamlarda täze dörän aladalar hem ozalkylardan az däl.

Ilkibaşda 19 müň amerikan dollaryna söwdagärlere satylyp başlanan plastik aýna-gapyly dükanlardan satyn alanlar uly utuş gazandylar. Söwdagärleriň ýersiz galmakdan gorkup, basga düşmelerinden peýdalanyp, degişli ýolbaşçylar dükanlaryň nyrhlaryny geçen ýylyň ortalarynda 38 müň amerikan dollaryna çenli ýokarlandyrdylar. Ýylyň ahyryna çenli bolsa nyrhlar 47 müň amerikan dollaryna çenli ýetirildi.

“Şu nyrh bilen alynýan dükanlaryň göwrümi hem uly däl, 26 kwadrat metr meýdançasy bolan bu dükanlar uly konteýnerlerde haryt ýerleşdirýänler üçin juda kiçi. Elbetde, özüm-ä diňe çörek puly gazanmak üçin jygyllyk bazarynda ownuk söwda bilen meşgul bolýanlygym sebäpli dükan eýesi bolup bilmejekdigime gözüm ýetýärdi. Ýöne meniň kimin güzerany kyn müňlerçe adamlar üçin hem ýolbaşçylar alada eder öýdüp oýlanýardym. Adamlaryň güzeranynyň aladasyndan döwletiň gaznasynyň aladasy has ýokary bolup çykdy” diýip, aşgabatly söwdagär Jennet aýdýar.

Bazar göwünlerden turýar

«Altyn asyr» adyny alan bazaryň ýerleşýän ýeri şäherden has uzakda bolsa-da, söwda nokadynyň ýerleşýän meýdançasynda dükanlaryňam, söwda prilawkalarynyňam gurnalyşy göwnejaý. Prilawkalaryň ýerleşýän ýerleri mermer daşlar bilen örtülip, daş-töweregi gök otlar ekilen alleýajyklar bilen görke getirilipdir. Bazaryň içine ýük düşürmek üçin awtoulaglaryň barmagy hem göz öňünde tutulan. Ozalky jygyllyk bazary ýaly ýel tursa çäge sowrulyp, gyşda batganyň içinde, tomus jokrama günde oturjak gumanyň ýok. Ähli ýer basdyrma bilen ýapylan.

Döwrebap bazarlary gurmakda hem soňky ýyllar döwlet tarapyndan alada edilýär. Emma gymmat bahaly dükanlary satyn almaga güýji ýetmeýän ownuk söwdägärler üçin niýetlenen — boýy bir ýarym, ini bir metr bolan prilawkalardan ýer almak üçin salgyt gullugyndan patent alyp gelmelidigi baradaky habar ýaýradylandan soň, ýersiz galmakdan ätiýaç eden ownuk söwdägärleriň ählisi şäheriň etrap salgyt gulluklaryna garşy eňdiler. Bir aýyň dowamynda dörän nobatlardan salgyt gulluklarynyň edara jaýlarynyň golaýyna barar ýaly bolmady.

Bazarda welaýatlardan gelýänlere ýer bolarmy?


Aşgabadyň Çoganly şäherçesiniň ýaşaýjysy Maralyň aýtmagyna görä, Lebapdan, Daşoguzdan, Marydan gelip, güzeran üçin ownuk söwda etjek adamlara täze bazardan ýer berilmez. Onuň aýtmagyna görä, täze açyljak bazardan diňe Aşgabat şäherinde, şeýle hem paýtagta golaý bolan Ahal welaýatynyň etraplarynda ýazgyda (propiska) duran ýaşaýjylara ýer berilýär.

Bu başga bir tarapdan şäher ýaşaýjylarynyň birnäçesi üçin gazanç çeşmesidir hem. Ýagdaýdan peýdalanyp, bazardan dükan satyn alyp, ony kärendesine bermek üçin özüne müşderi gözläp ýören paýtaglylar hem kän.

Döwlet baştutanynyň täze bazaryň açylyş dabarasyna geljek gününe görülýän taýýarlygyň çäginde täze dükanlaryň harytlardan doldurylmagy barada söwdagärlere görkezme berildi. Bu günler her kim görkezmäni ýerine ýetirjek bolup, ber-başagaý.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG