Sepleriň elýeterliligi

Londonda “ýylyň iň gowy filmi” yglan edildi


“Patyşa gürleýär” atly film düýn Londonda bolan dabarada Britaniýanyň Kino we telesungat akademiýasynyň baş baýragyna mynasyp boldy, oňa “ýylyň iň gowy filmi” diýen at berildi.

Film 1936-njy ýylda Georg IV diýen at bilen tagta çykan şazada Albertiň ömri barasynda gürrüň berýär. Albertiň bir ýetmezi bar eken - ol gürlände sakynypdyr. Onup şol derdi märekede çykyş etmäge päsgel beripdir.

Film ýedi baýrak aldy. “Iň gowy erkek roly” diýlip, Georg IV-iň obrazyny döreden britan aktýory Kolin Fert ykrar edildi.

“Iň gowy aýal roly üçin” baýrak “Gara guw” filminde oýnan amerikan aktrisasy Natali Portmana berildi.
XS
SM
MD
LG