Sepleriň elýeterliligi

Oppozisionerler Putiniň üstünden şikaýat etdiler


Şu gün Moskwanyň Sawelowsk sudy premýer-ministr Wladimir Putine oppozisiýada durýan üçin syýasatçynyň öz mertebesini goramak üçin beren şikaýatyna sereder.

Heniz resmileşdirilmedik Halk azatlygy partiýasynyň egindeş başlyklary - Boris Nemsow, Wladimir Milow we Wladimir Ryžkow geçen ýylyň dekabrynda Putiniň özleri bilen bagly göni efirde aýdanlary üçin suda şikaýat etdiler.

Şonda premýer oppozisionerleri 1990-njy ýyllarda döwlet býujetinden milliardlarça pul ogurlamakda aýyplypdy.

Nemsow, Milow we Ryžkow Putinden şol sözüni ýalana çykarmagy we million rubl kompensasiýa tölemegi talap edýärler.
XS
SM
MD
LG