Sepleriň elýeterliligi

Bahreýnde polisiýa bilen protestçiler çaknyşdy


Bahreýniň şaýylar ýaşaýan Karzakan obasynda polisiýa bilen protestçiler toparynyň arasynda bolan çaknyşyk wagty 21 ýaşly ýerli ýaşaýjy agyr ýaralandy, ýene-de birnäçe adam ýeňil ýaralandy.

Çaknyşyk reformalary geçirmek we uly azatlyklary bermek talapy bilen Bahreýnde geçiriljek “gahar-gazap güni” aksiýasyna garaşylýan wagty ýüze çykdy.

Şol aksiýa Ýakyn Gündogar ýurtlarynda soňky hepdeler sarsgyn döreden aksiýalar ýaly bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG