Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýada ýarag saklamak boýunça referendum geçirildi


Ok atýan ýaraglary özünde saklamagy çäklendirmek boýunça Şweýsariýada geçirilen referendum sesleriň köplügi bilen bu teklibi ret etdi.

Häzir dowam edýän düzgüne laýyklykda hökmany harby taýýarlygy geçen erkek adamlaryň goşunda alan ýaragyny öz öýünde saklamaga haky bar.

Kabul edilmedik teklip goşun ýaragyny öýlerde saklamagy ýatyrmagy we ýaraglaryň beýleki görnüşlerini edinmegiň düzgünlerini pugtalandyrmagy göz öňünde tutýardy.

Teklibe tarapdarlar ýurtda ok atýan ýarag bilen öz janyna kast edýänleriň köpelendigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG