Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýada Berluskoniň garşysyna köpçülikleýin aksiýalar geçirildi


Ýekşenbe güni Italiýada we başga-da ençeme ýurtda bazar güni aýallaryň hukuklaryny gorap, köpçülikleýin aksiýalar geçirildi.

Rim şäheriniň merkezinde bolan uly aksiýa onlarça müň adam gatnaşdy.

Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni bilen bagly seksual dawa şeýle prostestleriň geçirilmegine sebäp boldy.

Prokuratura kämillik ýaşyna ýetmedik jelebiň hyzmaty üçin pul tölemekde hökümet başlygyny aýyplady.

Aksiýa gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä, premýeriň özüni alyp barşy aýallaryň mertebesini peseldýär.

Berluskoniniň özi bolsa garşysyna geçirilýän işleriň syýasy matlaplydygyny aýdýar.

Protestler Italiýanyň 200 gowrak şäherinde hem birnäçe daşary ýurt paýtagtlarynda boldy.
XS
SM
MD
LG