Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň ýokary harby geňeşi parlamenti dargatdy


Müsüriň ýokary harby geňeşi parlamenti dargatdy, Konstitusiýany togtatdy.

Ýokary harby geňeş täze saýlawlara çenli alty aýlap häkimiýet başynda durjakdygyny, Müsüriň baglaşan halkara şertnamalarynyň, şol sanda Ysraýyl bilen ýaraşyk ylalaşygynyň öz güýjünde galýandygyny yglan etdi.

“Täze hökümet düzülýänçä, häzirki hökümet öz işini dowam edirer. Ýokary harby geňeş demokratik ýol bilen häkimiýeti parahatçylykly geçirmäge çalşar, şonda saýlanan graždan häkimiýet azat we demokratik jemgyýet gurmak üçin ýurdy edara eder. Müsür Respublikasy özüniň regional we halkara ylalaşyklaryna wepaly bolup galýar” diýlip, Ýokary harby geňeşiň telewideniýe arkaly ýaýradylan beýannanmasynda aýdylýar.

Müsüriň oppozision liderleriniň biri Aýman Nur: “Täze harby häkimiýetiň geçirýän çäreleri protestçileriň ählisini kanagatlandyrmaly” diýdi.

Roýter agentligine beren interwýusynda Nur Ýokary harby geňeşiň soňky hereketini “rewolýusiýanyň ýeňşi” diýip atlandyrdy.

Mundan öň Müsüriň premýer-ministri Ahmet Şafik: “Geçiş hökümetiniň baş wezipesi – howpsuzlygy üpjün etmek we ýurtda tertip-düzgüni dikeltmek” diýdi.
XS
SM
MD
LG