Sepleriň elýeterliligi

Ýemende polisiýa bilen demonstrasiýaçylar çaknyşdy


Ýemeniň paýtagty Sanada üç gün bäri dowam edýän hökümete garşy manifestasiýalarda polisiýa bilen demonstrasiýaçylaryň arasynda çaknyşyk boldy.

Protestçiler syýasy reformalaryň geçirilmegini we prezident Aly Abdylla Salehiň iş başyndan çekilmegini talap etdiler.

BBC-niň maglumatyna görä, daş atýan manifestçileri eli dürreli polisiýa dargatmakçy bolanda, birnäçe adam ýaralanypdyr, bärsinden 10 adam tussag edilipdir.

Müsüriň prezidenti Hosni Mubarek wezipesinden çekilensoň Ýemende protest aksiýalary güýçlendi.

1978-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan prezident Saleh indiki saýlawlara öz kandidaturasyny hödürlemejekdigini öňünden duýdurdy, emma demonstrasiýaçylar onuň eglenmezden wezipesinden çekilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG