Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýnde “Gahar-gazap güni” atly protest planlaşdyrylýar


Duşenbe güni giçlik Bahreýnde Müsürdäki we Tunisdäki tolgunyşyklardan ruhlanyp, “Gahar-gazap güni” atly protest geçirmek planlaşdyrylýar.

Munuň bilen baglylykda, eýýäm ýurduň iki obasynda çaknyşyklaryň bolandygy habar berilýär.

Berilýän maglumata görä, Newidrat obasynda polisiýa işgärleri protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz we rezin oklary ulanypdyrlar. Bu wakada azyndan 14 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ýekşenbe güni Karzakan şäherinde hem polisiýa işgärleri bilen protestçileriň arasynda çaknyşyk boldy. Bu çaknaşyklarda hem ençeme adama şikes ýetipdir.
XS
SM
MD
LG