Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda polisiýa rugsat berilmedik ýörişleri dargatdy


Şaýatlaryň aýtmagyna görä, duşenbe güni Eýranyň howpsuzlyk güýçleri paýtagt Tähranda ýüzlerçe adamyň Müsürdäki we Tunisdäki protestleri goldap geçirýän rugsat berilmedik ýörişlerini dargadypdyrlar, olara garşy göz ýaşardyjy gaz ulanypdyrlar.

Demonstantlar şäheriň Azadi meýdançasyna tarap ýöriş edipdirler.

Protestçiler şäheriň beýleki sebitlerinde-de - Haft-e Tir meýdançasynda, Karim Khan şaýolunda, Ferdowsi meýdançasynda we Hafez köçesinde hem göründiler diýlip, habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugynyň aýtmagyna görä, Enghelab meýdançasynda protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriň arasynda çaknyşyk ýüze çykypdyr.

Merkezi Isfahan şäherinde hem ýüzlerçe adamyň protest geçirendigi aýdylýar.

Eýranyň oppozisiýa lideri Mir Houssein Musawiniň Web saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, polisiýa işgärleri onuň ýörişe gatnaşmazlygy üçin öýüne barýan ýollary böwetläpdirler, onuň telefon aragatnaşygyny kesipdirler.
XS
SM
MD
LG