Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende müňlerçe studentler we aklawçylar protest geçirýär


Ýemeniň paýtagty Sanaada müňlerçe studentler we aklawçylar prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edip, protest geçirýärler.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, polisiýa protestçileriň paýtagtyň merkezindäki Al-Tahrir meýdançasyna barmagynyň öňüni almak üçin, ol ýeri tikenli sim bilen böwetläpdir.

Ýekşenbe güni polisiýa proteste çykan müňlerçe ýemenlileri dargadypdy.
XS
SM
MD
LG