Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Palestinanyň premýer-ministri hökümetini dargatdy


Palestinanyň premýer-ministri Salam Faýýady hökümetini dargatdy.

Palestina awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbasyň Salam Faýýadynyň wezipesinde galmagyny soramagyna garaşylýar.

Salam Faýýady 2007-nji ýyldan bäri premýer-ministr.

Geçen hepde palestin resmileri prezident we parlament saýlawlarynyň sentýabrda geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdiler.

Gaza sektoryny kontrol edýän Hamas söweşiji topary bolsa Ramallah tarapyndan gurnalýan saýlawlaryň ähli görnüşlerini iňkär edýär.
XS
SM
MD
LG