Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň täze ýolbaşçylary protestleri bes etmäge çagyrdy


Müsüriň täze harby ýolbaşçylary kärdeşler arkalaşyklarynyň liderlerini we işçileri protestleri bes etmäge çagyrdy.

Duşenbe güni müňlerçe döwlet işgärleri aýlyklarynyň galdyrylmagyny we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny talap edip, protest geçirdiler. Protestçiler paýtagt Kairiň Tahrir meýdançasyna täzeden dolandylar.

Mundan birnäçe sagat öň ýurduň harbylary Tahrir meýdançasyndaky demonstrantlaryň soňky böleginiň dargandygy barada habar beripdi.

Duşenbe güni Müsüriň dürli künjeklerindäki döwlet guramalarynda hem protestler geçirildi.
XS
SM
MD
LG