Sepleriň elýeterliligi

Dünýäniň köp künjeklerinde Söýgüliler güni


Duşenbe güni dünýäniň köp künjeklerinde Söýgüliler güni bellenilip geçilýär.

Bu senä bagyşlanyp, Orsýetiň Altaý regionynda Romeo we Jullieta teatr oýny goýulýar. Ýaponiýada zenanlar söýgülilerine süýji bermek üçin bazara çykýarlar.

Emma Söýgüliler güni aşa dinçi käbir musulman jemgyýetlerinde ýazgaryldy.

Özbegistanyň “Turkiston” atly gazeti Söýgüliler gününiň beýle mahabatlandyrylmagynyň arkasynda “şeýtany maksatly güýçleriň durandygyny” ýazdy.

Geçen hepde Gazagystanda ýaşlaryň bir topary “daşary ýurt” baýramynyň bellenmegine garşy göz edip, Walentina kartlaryny ýok etdiler.
XS
SM
MD
LG