Sepleriň elýeterliligi

Tähranda Türkiýäniň we Eýranyň prezidentleri duşuşdy


Duşenbe güni Tähranda Türkiýäniň we Eýranyň prezidentleri gepleşik geçirdiler.

Gepleşiklerden soň geçirilen metbugat konferensiýasynda Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad Türkiýe bilen söwda gatnaşyklarynyň üç esse artdyrylmagyny we iki ýurduň arasyndaky söwda boýunça ähli päsgelçilikleriň aradan aýrylmagyny isleýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Eýranyň ýadro programmasy boýunça geçirilýän halkara gepleşiklerde Türkiýäniň araçy bolmagyny isleýändigini hem sözüne goşdy.

Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gülüň ýolbaşçylyk edýän delegasiýasynyň düzüminde Türkiýäniň daşary işler ministri, 100 töweregi türk biznesmeni, ýokary okuw jaýlarynyň we hökümetiň wekilleri bar.

Prezident Gülüň Eýrana edýän bu sapary üç gün dowam eder.
XS
SM
MD
LG