Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý dünýäniň ikinji iň uly ykdysadyýeti boldy


Hytaý dünýäniň ikinji iň uly ykdysadyýeti boldy. Bu barada Ýaponiýanyň ýaýradan soňky ykdysady görkezijilerinde bellenilýär.

Tokionyň berýän maglumatyna görä, Ýaponiýanyň jemi içerki önüminiň görkezijisi Hytaýyňky bilen deňeşdirilende pes çykypdyr.

2010-njy ýylyň dördünji çärýeginde Ýaponiýanyň jemi içerki önümi 5,474 trillion dollara barabar bolan bolsa, Hytaýyňky 5,879 trillion dollara ýetipdir.

Mundan ozal, Birleşen Ştatlardan soň dünýäniň iň uly ykdysadyýeti Ýaponiýady.
XS
SM
MD
LG