Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýranda bolan demonstrasiýany goldaýar


Duşenbe güni Tähranda demonstrasiýaçylar bilen polisiýanyň çaknyşygy wagty bir adam ölüp, birnäçesi ýaralandy.

Aksiýa gatnaşyjylary ýurtda gadagan edilen gozgalyňçy Mujahetdin toparynyň prowokatorlarynyň oka tutandygyny Eýranyň häkimiýetleri tassyklaýar.

Eýran oppozisiýasynyň ençeme Web saýtynda motosiklli gelen näbelli adamlaryň ot açandygy aýdylýar. Şol çeşmeleriň maglumatyna görä, onlarça adam saklanypdyr.

Tährandaky aksiýany dargatmak üçin polisiýa göz ýaşardyjy gaz ulandy. Şeýle mitingler Yspyhan, Şiraz we Kermanşah şäherlerinde-de boldy.

Müsüriň we Tunisiň graždanlarynyň çykyşlaryny goldamaga oppozisiýa liderleriniň çagyryşlaryna jogap edip, ýüzlerçe eýranly köçelere çykdy. Aksiýa häkimiýetler tarapyndan gadagan edildi.

Eýranda demonstrasiýa geçiren oppozisiýa tarapdar adamlara ABŞ öz goldawyny bildirdi.

“Eýranyň köçelerine çykan adamlaryň umytlaryna we aladalaryna göni hem açyk goldaw bildirmek isleýärin” diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton aýtdy.

Waşingtonda çykyş edip, Klinton Tährany öz graždanlaryna ýakynda Müsüriň ilatynyň eýe bolan azatlygy ýaly azatlygy bermäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG