Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: iki söweş üçin 118 milliard dollar soralýar


Pentagon 2012-nji ýylda goranyş hajatlary üçin ABŞ-nyň döwlet çykdajylarynyň proýektini çap etdi. Bu iş üçin umumy alnanda 671 milliard dollar gerek bolar.

Owganystanda harby operasiýany dowam etdirmek we Yrakdaky amerikan kontingentini saklamak üçin 118 milliard dollar soralýar.

ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts býujetiň proýektiniň Owganystanda bolmaly 98 müň esgerdir ofiseriň sanyny göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Ministriň sözlerine görä, Owganystanda ýagdaý gowulaşsa, goşun bölümlerini möhletinden öňem çykaryp bolar, ol bolsa serişde tygşytlamaga mümkinçilik berer.

ABŞ hem onuň ýaranlary 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Owganystandaky howpsuzlygyň jogapkärçiligini owgan güýçlerine doly tabşyrmagy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG