Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň günortasynda britan esgeri heläk boldy


Owganystanyň günortasynda, Gilment welaýatynda bolan partlamada bir britan esger heläk boldy.

Duşenbe güni Beýik Britaniýanyň Goranmak ministrligi Gilmentdäki britan harby bazasynda bolan ýangynda iki harby gullukçysynyň ölendigini habar beripdi.

Deslapky maglumata görä, soňky waka söweşijileriň hüjümi bilen bagly däl.

Şol gün Kabulda-da güýçli partlama boldy. Pidalar, jebir çekenler barasynda maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG