Sepleriň elýeterliligi

Yrak amerikan F-16 uçarlaryny satyn almagy soňa goýdy


Maliýe kynçylyklary sebäpli Yrak 18 sany F-16 amerikan söweş uçaryny satyn almagy soňa goýdy.

Kontraktda göz öňünde tutulýan puluň bir bölegini ilatyň garyp gatlagy üçin azyk önümlerini satyn almaga gönükdirmek karar edildi.

Yrak hökümetiniň wekili Aly al-Dabbag takmynan bir milliard dollar barada gürrüň gidýändigini aýtdy. Kontraktyň jemi bahasyny agzamady.

Duşenbe güni Bagdadyň merkezinde ýüzlerçe adam korrupsiýa, döwlet gurluşlarynyň işiniň ýeterlik derejede netijeli däldigine garşy protest aksiýasyna gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG