Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň öňki ýolbaşçylarynyň bank hasaplary doňdurylar


Amerikan hökümeti wezipesini terk eden Hosni Mubaregiň esasy kömekçileriniň banklardaky serişdelerini doňdurmak barada Müsüriň täze häkimiýetleriniň haýyşyna seredýär.

Duşenbe güni agşam Brýusselde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň maliýe ministrleriniň duşuşygy açyldy. Onda Müsüriň öňki ýolbaşçylarynyň birnäçesiniň maliýe serişdelerini doňdurmak meselesine seredilýär.

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Uilýam Heýgiň sözlerine görä, Müsürde häkimiýet başyna gelen harbylar şeýle haýyş bilen ýüz tutupdyr.

Müsüriň Hukukçylar Bileleşiginiň agzalary duşenbe güni ýurduň prokuraturasyna ýüz tutup, Mubaregiň maşgalasynyň girdeji çeşmelerini derňemäge çagyryş etdiler. Olaryň maglumatyna görä, öňki prezidentiň baýlygy milliardlarça dollar.

Duşenbe güni Müsüriň ýokary harby geňeşi ýurduň ilatyny demonstrasiýalary we iş taşlaýyşlary bes etmäge çagyrdy.

Täze häkimiýetler iki aýyň dowamynda demokratik reformalary geçirip, häkimiýeti graždan gurluşlara tabşyrmaga söz berýärler.
XS
SM
MD
LG