Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly ministr Kim Jong Ili doglan güni bilen gutlady


Hytaýyň halk howpsuzlygy ministri Meng Jianžu Demirgazyk Koreýanyň ýolbaşçysyny ýetip geýän doglan güni bilen gutlady. Kim Jong Iliň doglan güni 16-njy fewralda.

Şeýle-de Meng Jianžu “Koreýa rewolýusiýasynyň mirasdüşerligi meselesiniň üstünlikli çözülmegini” Hytaýyň goldaýanygyny aýtdy. Bu maglumaty Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habar gullugy çap etdi.

Berilýän maglumatlara görä, Meng Jianžu Demirgazyk Koreýanyň ýolbaşçysyna we onuň ogly Kim Jong Una sowgat hem gowşurypdyr. Kim Jong Iliň ogluna onuň mirasdüşeri hökmünde garalýar.

Geçen ýylyň sentýabrynda Kim Jong Il Demirgazyk Koreýanyň Kommunistik partiýasynyň baş sekretarlygyna nobatdaky gezek saýlananda, onuň ogly Kim Jong Un hem partiýanyň Merkezi harby komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG