Sepleriň elýeterliligi

Ýemende prezident Salehiň häkimiýetine garşy protest geçirilýär


Sişenbe güni Ýemeniň paýtagty Sanaada ýüzlerçe ýaşlar prezident köşgüne tarap ýöriş geçirýärler.

Bu çäre prezident Ali Abdullah Salehiň 32 ýyllyk häkimiýetine garşy geçirilýär.

Studentler protest ýörişine Sanaa uniwersitetinden başladylar. Olar Müsürde Hosni Mubarege garşy ulanylan şygarlary hem gygyrdylar.

Duşenbe güni protestçiler polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar. Bu çaknyşyklarda azyndan üç adamyň ýaralanandygy habar beriýär.
XS
SM
MD
LG