Sepleriň elýeterliligi

Italiýanyň premýer-ministri Berluskoni suda çekiler


Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni kämillik ýaşyna ýetmedik gyz bilen jynsy gatnaşykda bolmakda we häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, suda çekiler.

Bu baradaky hökümi şişenbe güni Milanda sudýa Kristina Di Senso çykardy. Onuň aýtmagyna görä, geçiriljek sud diňlenişigine üç sany zenan sudýa başlyklyk eder.

Milanyň prokurorlary Silwio Berluskonini pul berip, 17 ýaşly gyz bilen jynsy gatnaşykda bolanlykda we muny gizlemege synanyşanlykda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG