Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşigi Eýranyň hakimiýetlerine çagyryş etdi


Sişenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerin Aşton Eýrany protestçilere garşy güýç ulanmazlyga, şeýle-de olaryň parahatçylykly demonstrasiýa geçirmek hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy.

Duşenbe güni müňlerçe eýranlylar hökümetiň gadagan edenligine garamazdan, Müsürdäki we Tunisdäki protestçilere raýdaşlyk bildirip, köçelere çykdylar.

Eýranyň polisiýasy Tährandaky protestçileri dargatmak üçin gözi ýaşardyjy gaz ulandy.

Eýranyň Fars habarlar gullugynyň maglumatyna görä, protestlerde bir adam ölüpdir, ençeme adam ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG