Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda TOPH proýekti boýunça duşuşyk başlandy


Duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçiriji proýekti boýunça Tehniki işçi toparynyň nobatdaky duşuşygy başlandy.

10-njy duşuşga Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň ýokary derejeli hünärmenleri, Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Duşuşykda maslahat ediljek esasy meseleleriň biri - türkmen gazynyň satyş we alyş şertnamasynyň taýýarlanmagy bolar.

TOPH gazgeçiriji proýekti Türkmensitanyň günorta sebitlerinden başlap, Owganystanyň we Pakistanyň üstünden geçip, Hindistanyň Fazilka sebtinde tamamlanmaly.

TOPH turbalarynyň uzynlygy 1,735 kilometre deň bolup, ondan ýylda 30 milliard kubometre golaý türkmen gazyny akdyrmak planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG