Sepleriň elýeterliligi

Katar “Demirgazyk Günorta” demir ýol proýektine gatnaşmak isleýär


Katar döwleti “Demirgazyk Günorta” demir ýol magistralynyň gurluşyk işlerine goşant goşmak isleýär. Bu barada Katar döwletiniň halkara hyzmatdaşlyk boýunça hökümet ministri Halid bin Mohammad Al-Attiýa prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda aýtdy.

Şeýle-de ministr Halid bin Mohammad Al-Attiýa Katar döwletiniň emiri Hamad bin Halifa Al Taniniň hem Türkmenistana gelmek niýetiniň bardygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow katarly biznesmenleri ýurduň uly inwestisiýa proýektlerine gatnaşmaga çagyrdy diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG