Sepleriň elýeterliligi

Ahal gölüni şekillendirýän täze bazar


 Aşgabadyň demirgazygynda gurlan «Altyn asyr» gündogar bazary özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanyp, daşdan syn edeniňde ol ahal gölüniň şekilini alamatlandyrýar.

Aşgabadyň demirgazygynda gurlan «Altyn asyr» gündogar bazary özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanyp, daşdan syn edeniňde ol ahal gölüniň şekilini alamatlandyrýar.

15-nji fewralda Aşgabadyň demirgazygynda Merkezi Aziýada iň iri merkezleşdirilen söwda toplumlarynyň biri bolan «Altyn asyr» gündogar bazarynyň açylyş dabarasy boldy. Ol dabara ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Ýurduň prezidenti täze açylan bazary aýlanyp görüp, tanşansoň, bazaryň çäginde hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.

Berdimuhamedowa namazlyk sowgat berilýär, 15-nji fewral.
Geçiren maslahatynda prezident häzirki zaman söwda merkezlerini döretmek boýunça gazanylan tejribäni içgin öwrenmegiň zerurdygyna aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu tejribäni ýurduň ähli welaýatlaryna giňden ornaşdyrmak üçin zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy hem-de paýtagtda açylan bu täze söwda toplumynyň beýleki welaýatlarda guruljak döwrebap bazarlaryň nusgasy bolmalydygyny nygtady.

Aşgabadyň demirgazygynda gurlan «Altyn asyr» gündogar bazary özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanyp, daşdan syn edeniňde ol ahal gölüniň şekilini alamatlandyrýar. Täze bazaryň bu binagärlik aýratynlygyny nazara almak bilen Berdimuhamedow ýurduň beýleki welaýatlarynda gurulmaly şeýle bazarlaryň ählisinde her welaýata mahsus bolan haly gölüniň öz beýanyny tapmalydygyny welaýat häkimlerine hem-de degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Türkmenleriň jygyldyk bazary haçan döredi?

Bazar ähli ýurtda, ähli döwürde-de bar zat. Ýöne her ýurduň bazarlarynyň öz döreýiş taryhy, satylýan harytlar, bazaryň iş ýagdaýy dürli-dürli.

Türkmenlerde hem bazarlar gadymy döwürlerden bäri bar. Halk bazarlarda esasan, iýmit önümlerini satýar. Gadymky bazarlarda diňe erkek kişiler söwda edipdir. Satylýan harytlar—adamlaryň öz şahsy hojalyklarynda öndürilýän süýji, çörek önümleri, melleklerinde bitýän gawun-garpyzlar, baglarynda bişýän miweler, mallardan alynýan et-süýt önümleri, ýüň, haly we ş.m. bolupdyr.

Ikinji jahan urşunda erkek kişileriň köp gyrylmagy bilen, bazarlara aýallar hem çykyp başladylar, şeýlelikde aýallara çörek puly gazanmak ýoly hökmünde bazarlarda ýüpek-sapak, öýde dokalýan keteniler, aýal-gyzlara gerekli kürte-çabytlar hem satylyp başlanýar.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alansoň jygyldyk bazary onlarça esse ulaldy.
Soňy bilen bazarlar özünde satylýan harytlaryň görnüşleri boýunça aýrylaşýar. Mal bazarlar aýry, gök bazarlar aýry bolýar. Gök bazarlar esasan iýmit bazary bolup, olarda esasan gündelik sarp edilýän iýmit önümleri — et, ýag, gök önümler, süýt, çörek önümleri satylýar. Şeýle hem Aşgabatda hojalykdaky artyk düşekleri, elde dokalýan milli matalary, don, telpek ýaly milli egin-eşikleriň satylýan bazary döräpdi.

Soňy bilen şeýle bazarlar halk arasynda «Jygyldyk bazary» diýen ady aldy. Bu bazar ilkinji sapar «8-nji mart» diýip at alan raýonda, öňki Podwoýskiý köçesiniň baýyrlara tarap uzap gidýän ýerinde döräpdi. Jygyldyk bazarynyň döremegine esasy sebäp bolan zat — bazarlarda hökümet magazinlerinde satylmaly owadan hem gymmatbaha matalaryň spekulýasiýa görnüşinde satylyp başlanmagydy.

Sowet hökümeti döwründe Türkmenistan hiç bir ýurt bilen söwda aragatnaşygyny saklamaýardy. Ähli zat, şol sanda söwda hem Moskwanyň elindedi. Moskwa dünýäniň ýurtlary bilen her pudak boýunça aragatnaşyk saklaýardy, şol sanda söwda aragatnaşygyny saklap, bu ýol boýunça ýurda getirilýän matalary, aýakgaplary, iýmitleri Orsýediň gol astyndaky on bäş respublika paýlaýardy.

Aslynda importdan gelýän ol harytlar hökümet magazinlerinde satylmalydy. Ýöne ministrler, sklad mudirleri, magazin müdirleri importdan gelýän delje harytlary öz bahasy bilen halka bermek islemeýärdiler. Olar öz tanyş-bilişlerine ol harytlary iki-üç esse köp baha bilen ogryn satdyrýardylar. Sklad-hem magazin müdirlerinden garyp-gasar goňşular, tanyş-bilişler del harytlary alyp, bazarlarda satýardylar.

Sowet hökümeti erkin söwda ýol bermeýärdi. «Sosialistik emlägi dargadyjylaryň garşysyna göreşijiler» (OBHSS) ady bilen polisiýada ýörite bölümler bolardy. Olar bazarlarda importdan gelen harytlary satýanlary tutmak bilen meşgullanardylar. Juda köp adamlar OBHSS-çiler tarapyndan tutulyp, türmelere giderdi. OBHSS-çileriň eline düşmejek bolup, gelin-gyzlar matalary, köwüşleri dik durup satýardylar.

Polisiýa işgärleri geliberse, aýallar satýan harytlaryny bukup, hamala, kürte-çabyt, ýüpek-sapak alýan ýaly bolup durardylar, polisiýa işgärleri aýlanyp gidensoň, ýene söwda başlanýardy. Sebäbi şol ýol hem çörek gazanma ýoludy. Şeýdip, jygyldyk bazary döredi.

Jygyldyk bazary welaýatlarda, etraplarda ýokdy, diňe Maryda gök bazaryň gapdalynda mata-marlak satylýardy. Marylylar hem, beýleki welaýatdyr etraplaryň mata söwdagärleri hem matadyr köwüşleri Aşgabadyň jygyldyk bazaryndan alyp gidýärdiler.

Jygyldyk bazarynyň mekany

«8-nji mart» töwereginden soň Aşgabadyň jygyldyk bazary demir ýoluň gaýrasynda ýerleşýän «Hitrowka» diýen obaçylyga — Halturin köçesi bilen Swerdlow köçesiniň kesişýän ýerine göçdi. Jygyldyk bazary halkyň çörek puly gazanýan ýeri. Ol ýerde kiçijik çagalara çenli bedreli suw satyp, gazanç edýärdiler. Polisiýa bolsa suw satýanlary-da, mata satýanlary-da kowalaýardy.

«Hitrowkadan» soň jygyldyk bazary Sewernyý köçesiniň ugruna goçüp bardy. Ol ýerde häzir halk arasynda «Gündogar bazary» diýip at alan, hökümet tarapyndan «Daýhan bazary» diýlip at dakylan gök bazary ýerleşýär. Bu bazara häzir welaýatlardan, daşary ýurtlardan getirilýän gök önümler düşüp, esasan lomaý söwda edilýär. Şäheriň beýleki gök bazarlaryna harytlar esasan şu bazardan äkidilýär.

Sewernyý köçesinden soň jygyldyk bazary kanaldan gaýra, Çoganly posýologyndan hem has uzaga, Garagum çölüniň içine zyňyldy. Hökümet halkyň söwda etmesini goýduryp bilmejegine göz ýetirip, çölüň içinde dörän jygyldyk bazary üçin betondan haýat dikip, bazar jaýynyň içini asfaltlap berdi.

15-nji fewralda bolsa jygyldyk bazary Garagum çölüniň içinde, öňki jygyldykdan-da has uzakda ýerleşýän «Altyn asyr» gündogar bazaryna göçürildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda jygyldyk bazary

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alansoň jygyldyk bazary onlarça esse ulaldy. Ol ýer işsiz galanlaryň çörek puly gazanmak üçin maňlaý direýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde daşary ýurtlara özleri gidip matadyr köwüş, dürli harytlary getirýän iri söwdagärlerden gündeki çörek pulusyny gazanmak üçin bazara çykýan ownuk söwdagärler alyp-satarlyk edýärler. Jygyldyk bazarynda alyjylardan satyjylar kän bolup görünýär.

«Altyn asyr» gündogar bazarynyň aýratynlygy

Jygyldyk «Altyn asyr» bazaryna göçýär diýseler-de, «Altyn asyr» gündogar bazaryna «Jygyldyk bazary» diýip bolmaz. Täze bazar hökümet tarapyndan salnan, hususy eýeçilige berlen dükanlar. Olaryň nyrhy örän gymmat bolansoň, olarda satyljak harytlaryň hem gymmat satylmagy mümkin.

Jygyldyk bazaryny emele getirýän ownuk söwdagärler bolan ownuk gatlak çete zyňyldy. Olara bu täze bazarda häzirlikçe orun ýok. Ýöne olar ýene nirädir bir ýerlere üýşüp, hakyky jygyldygy ýüze çykararlar diýip, pikir edilýär. Sebäbi işiň örän gyt döwründe, söwda-satyk bilen maşgala ekleýän garyp gatlak niredendir bir ýerlerden çörek puly gazanmaly bolar. Olara bazara barmadan başga gazanç ýoly ýok.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG