Sepleriň elýeterliligi

Sapardan soňky söhbet


Türkmenistanyň Lebap welaýaty territoriýasynyň giňligi boýunça bäş welaýatyň arasynda üçünji orunda durýar.

Türkmenistanyň Lebap welaýaty territoriýasynyň giňligi boýunça bäş welaýatyň arasynda üçünji orunda durýar.

Türkmenistanyň Lebap welaýatyna degişli Köýtendagyň üsti açylmadyk tebigy baýlyklarynyň goruny kesgitlemek, ony ýurduň ykdysadyýetini we senagatyny ösdürmäge gönükdürmek maksady bilen, soňky 2-3 ýylyň dowamynda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Amyderýanyň üstünden geçýän demirýol köprüsiniň gurluşygynyň doly tamamlanmagyna itergi berilmegi, awtomobil köprüsüniň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy bu uly başlangyçlaryň ýerine ýetirilmeginde esasy başlangyç bolup durýar.

Mineral resurslary işläp çykarmaly zawodlaryň, senagat kärhanalarynyň gurluşygy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, senagatçylar şäherçesi bolan Garlyk şäherçesiniň düýbüniň tutulmagy, ýurtdaky oňyn özgerişlikleriň hataryna girýär.

2-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Garlyk şäherçesiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze düýbi tutulan şäherçede ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, häzirkizaman mekdepler, çagalar baglary, medeni we sport desgalary, şeýle hem sosial maksatly desgalaryň birnäçesi gurlar diýip, ýurduň mediasy habar berdi.

Prezidentiň ýurduň gündogaryndaky welaýata sapary ýerli ýaşaýjylar tarapyndan gowy garşylandy. Emma prezidentiň saparyna taýýarlyk görmek üçin käbir etraplarda hepdeläp geçirilen çäreler býujet işgärlerine goşmaça iş, okuwçylaryň okuwyna bolsa belli bir derejede päsgel boldy.

Welaýatyň Halaç etrabyndan, 42 ýaşly mugallym Ogulkeýigiň aýtmagyna görä, prezidentiň welaýata saparlarynyň artmagy bilen, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň aladalary hem artýar. Bir aý öňünden prezidentiň gelmegine taýýarlyk görlüp başlanýar. Bu ýagdaýyň ýüze çykmasy mekdeplerde okuwlaryň talaba laýyk alnyp barylmagyna päsgelçilik döredýär.

Mekdep okuwçylary okuwdan boşadylyp, prezidenti garşylamaga taýynlyk görüp başlaýarlar, mugallymlar mekdepleriň bejeriş- abatlaýyş işlerine çekilýärler. Edara- kärhanalaryň işgärleri bolsa magistral ýoluň ikiýan ýüzüni arassalamak, ýollaryň gyrasyndaky agaçlary timarlamak işlerine gönükdirilýär.

Mekdep jaýlary

Garaşsyzlyk ýyllary Halaç etrabynda täze mekdepler gurulmady. Şeýle bolansoň, okuwçy okatmaga mekdep jaýlary ýetmeýär. Halajyň etrap merkezinde bar bolan çagalar bagynyň birini ýapyp, ony okuwçy okatmaga berdiler. Döwlet tarapyndan üpjünçilik bolmandan soň ene-atalar öz hasaplaryna stol, oturgyç getirip, çagalarynyň aladasyny etdiler.

“Häzir mekdebiň işi ýola düşdi. Klas üçin niýetlenmedik çagalar bagynyň giň otaglaryna 30-35 okuwça çenli kabul edilýär. Bu bolsa mugallymlaryň iş ýüküni örän agyrlaşdyrýar. Etrapda bar bolan ozalky mekdebiň penjiredir gapylaryny sarygarynjalar gemrip, zaýaladylar. Sarygarynja sebäpli bütin mekdep zaýalanyp, hatardan çykyp barýar” diýip, Ogulkeýik mugallym sözüniň üstüne goşdy.

Prezidentiň soňky saparynyň işgärler üçin has hem gymmada düşendigini-de Ogulkeýik mugallym gürrüň berdi. Onuň gürrüňlerine görä, her mugallymdan 300 manatdan pul ýygnalyp, mekdeplerde gyssagly abatlaýyş işlerini geçiripdirler, mekdepleriň daş-töweregi tertibe salnypdyr.

Welaýatlara sapar wagtynda prezidentiň haýsydyr bir çagalar bagyna ýa mekdebe “duýdansyz barmagy” welaýatlaryň ähli ýolbaşçylaryny alada goýýar. Ýyllarboýy döwletiň hasabyna geçirilmeýän abatlaýyş işleri gyssagara mugallymlaryň hasabyna geçirilýär. Bu barada soralsa-da, dil ýarmazlyk, bejeriş- abatlaýyş işleriniň hamala häkimlikleriň ýardamy bilen geçirilýändigi barada aýtmak mugallymlara berk tabşyrylypdyr.

Şu ýylyň başyndan mugallymlaryň aýlyk haklarynyň galdyrylmagy mugallymlary az begendirmändi. Heniz wedomosta gol çekilip alynmadyk artdyrylan puluň eýýäm öňünden agyzlaryndan kakylmagy bolsa mugallymlar üçin örän ýokuş degdi. Onsuz hem mekdebiň zeruryýeti üçin her aýda 5-10 manat puly mugallymlaryň aýlygyndan ýygnaýarlar. Ýöne 300 manat möçberindäki puly welin çagalarynyň agzyndan kesip bermek mugallymlara juda ýokuş degýär. «Bu barada dil ýarsaň, iş ýeriň bilen hoşlaşmaly», diýip, Ogulkeýik mugallym aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar ýurduň tebigy baýlyklaryndan gelýän girdejileriň gymmat bahaly köşkleri, administratiw jaýlary gurmaga däl-de, etraplarda ilat üçin iň bir zerur bolan mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň gurluşyklaryna, bejeriş- abatlaýyş işlerine sarp edilmelidigi, işgärleriň zähmet haklaryna el urmagyň bes edilmegine wagtyň ýetendigi barada aýdýarlar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG