Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerika tygşytlylyk ýolunda


Ýöne Döwlet Departamentiniň 2012-nji ýyl üçin teklip edilen býujetinde belli harajatlary ýatyrmak planlary hem ýok däl.
Ýöne Döwlet Departamentiniň 2012-nji ýyl üçin teklip edilen býujetinde belli harajatlary ýatyrmak planlary hem ýok däl.
Prezident Barak Obama 2012-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan býujet taslamasyny Kongresse iberdi. Bu taslama arkaly 2013-nji ýyla çenli býujet defisitini ýarpylap, 10 ýylyň içinde edilýän çykdajylary çäklendirmek we salgytlary artdyrmak bilen 1,1 trillion dollar tygşytlap bolar diýip, umyt edilýär.

“Men prezident bolup kasam edenimde, öz möhletim soňlanýança defisiti ýarpylamagy wada etdim. Meniň şu gün teklip edýän býujetim şu wadany ýerine ýetirip, bizi edýän çykdajylarymyzy on ýyllygyň ortasyna çenli tölärlik ýagdaýa getirer” diýip, Obama aýtdy.

Obamanyň 2012-nji maliýe ýyly üçin teklip edýän 3,7 trillion dollarlyk býujeti defisitiň 2011-nji maliýe ýylynda 1,6 trillion dollara deň bolup, 2012-nji ýylda hem has aşaklap, 1,1 trillion dollara geljekdigini görkezýär.

Teklip edilýän býujetde Döwlet departamentiniň we Birleşen Ştatlaryň Halkara ösüş gullugynyň (USAID) esasy işleri üçin 47 milliard dollar göz öňünde tutulýar. Döwlet sekretarynyň müdüriýet we resurslar boýunça orunbasary Tomas Nidesiň aýtmagyna görä, bu býujet gönüden-göni milli howpsuzlyk bilen baglanyşykly.

Nides bu hakda: “Döwlet departamentiniň býujeti amerikan hökümetiniň milli howpsuzlyk býujetiniň bir bölegi. Ol konfliktli zonalary durnuklylaşdyrýar, ýadro ýaraglaryndan abanýan howplary azaldýar, demokratik geçişe goltgy bolýar, ekstremizmiň öňüni alýar, global bazarlary açýar hem-de ýurduň daşyndaky graždanlary goraýar” diýdi.

2010-njy ýyl bilen deňäniňde, Döwlet Departamentiniň býujetinde 1 prosent artyş bar. Ýöne bu Owganystan, Pakistan we Yrak üçin edilýän ýörite çykdajylary öz içine alanok. Bu işler üçin Döwlet departamentine ýene 8,7 milliard dollar gerek.

Näme üçin zerur?


Döwlet sekretary Hillary Klinton bu goşmaça serişdäniň näme üçin zerurdygyny şeýle düşündirdi: “Biz ýene takmynan 4 milliard dollar soraýarys. Bu hem esgerlerimiziň Yrakda özüni pida edip gazananlaryny, bu ýurduň gazananlaryny goramak üçin, graždan işgärlerimiziň ol ýerde bolup, Yrak hökümeti bilen alyp barýan işlerini dowam etdirmegi, yraklylaryň demokratik gelejegi ýitirmezligi üçin gerek. Sebäbi Yrakda gelejekde boljak zatlara täsir edýän ýurt ýeke biz däl”.

Döwlet departamenti Owganystanda hem şular ýaly harby däl işleri artdyrmak üçin goşmaça 2,2 milliard dollar pul soraýar. Goşmaça 1,2 milliard dollar hem Pakistan üçin gerek. Departamentiň býujetini artdyrmagy barada haýyşnama bermegine sebäp bolan ýene bir zat hem azyk howpsuzlygy we global saglyk işleri.

Ýöne Döwlet Departamentiniň 2012-nji ýyl üçin teklip edilen býujetinde belli harajatlary ýatyrmak planlary hem ýok däl. Mysal üçin, 6 ýurt barada ikitaraplaýyn programmalary we 5 ýurduň harbylaryna berilýän maliýe kömegi kesmek göz öňünde tutulýar. Ýöne bu döwletleriň haýsylardygy aýdylanok.

Taslamada: “Howpsuzlyk üçin berilýän pullar ilkinji nobatda Ysraýyl, Pakistan we beýleki ýaranlarymyz ýaly kömege mätäç ýurtlara berler” diýilýär.

Obamanyň öten ýylky býujet teklibi bilen deňäniňde, Ýewropa, Ýewraziýa we Merkezi Aziýa berilýän kömekler hem 115 million dollar kemeldilýär. Ýöne döwlet bergilerini çäklendirmek üçin çykdajylarda edilýän bu çäklendirmeler oppozision Respublikanlar üçin ýeterlik däl. Olaryň käbiri: “Daşary ýurtlara berilýän maliýe kömegi tutuşlaýyn kesmeli” diýip, teklip edýärler.

Amerikan esgerleriniň Yrakdan çekilmegi netijesinde tygşytlanýan serişdeler göz öňünde tutulyp, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan terroristik hüjümlerden bäri ilkinji gezek harby harajatda hem çäklendirmeler bar.

Teklip edilen býujetde Owganystanda barýan harby operasiýalara gidýän harajatlar öňden az hem bolsa, ol öňküdenem azalar diýen pikirden ugur alynýar.
XS
SM
MD
LG