Sepleriň elýeterliligi

Dagystanyň Hasawýurt şäherinde 13 ýaşly gyz ogurlandy


Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky çaga hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Pawel Astahow Dagystanda 13 ýaşly gyzyň ogurlanmagyny dykgat bilen derňemegi talap etdi.

Degişli telegramma Orsýetiň Derňew komitetiniň baştutanyna, Dagystanyň prezidentine we prokuroryna ugradyldy.

Hasawýurt şäherinde ýaş oglanlaryň topary tarapyndan mekdepde okaýan gyzyň ogurlanandygy, üç günüň dowamynda onuň gazaply zorluklara sezewar edilendigi adam hukuklaryny goraýjynyň saýtynda habar berilýär. Ýöne wakanyň haçan bolandygy barasynda maglumat ýok.

Astahow dagystanly kärdeşi Intizar Mamutaýewa Hasawýurtda çaga hukuklary bilen bagly ýagdaýa baha bermegi tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG