Sepleriň elýeterliligi

Ýewrobileleşigiň ýurtlary Belarusyň prezidentini ýazgardy


“Wyşegrad toparynyň” dört ýurdy, şeýle-de Germaniýa we Awstriýa Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkony adam hukuklaryny bozmakda ýazgardy.

Slowakiýanyň paýtagty Bratislawada bolan duşuşykda bilelikdäki beýannama kabul edildi, dokumentde ähli syýasy tussaglary boşatmaga belarus häkimiýetlerine çagyryş bar.

Wengriýanyň, Polşanyň, Slowakiýanyň we Çehiýanyň premýer-ministrleriniň gepleşiklerine Germaniýanyň, Awstriýanyň we Ukrainanyň hökümet başlyklary-da gatnaşdy.

Ukrainanynyň premýeri Nikolaý Azarow Belarus boýunça beýannama gol çekmedi.

Resmi Minskiniň oppozisiýa garşy repressiýalar kampaniýasyna jogap hökmünde ÝB ýanwar aýynda Lukaşenko we ýene-de ençeme belarus çinowniklerine ÝB-niň ýurtlaryna gelmäge gadaganlygy dikeltdi.
XS
SM
MD
LG