Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Bahreýndäki adam pidalaryna uly alada bildirdi


ABŞ Bahreýnde demonstrasiýaçylar bilen polisiýanyň çaknyşygynda bolan adam ýitgileri bilen bagly uly alada bildirdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Filip Krowli taraplaryň ählisini zorluk ulanmakdan saklanmaga çagyrdy.

Krowli iki adamyň ölümini dykgatly derňemek hem polisiýa tarapyndan islendik aklap bolmajak zorluga garşy çäre görmek barada bahreýn häkimiýetleriniň beren wadasyny gutlady.

Iki adam ölenden soň sişenbe güni müňlerçe adam Bahreýniň paýtagtynda demonstrasiýa çykdy we reformalar geçirmegi talap etdi.

Bahreýni sünni patyşalyk dinastiýasy dolandyrýar.Ýurtda oppozisiýanyň özenini şaýylar düzýär.

Ýurtda köpçülikleýin çykyşlar ýakynda Tunisde we Müsürde bolan wakalaryň täsiri bilen başlandy.
XS
SM
MD
LG