Sepleriň elýeterliligi

Gazak prezidentligine kandidat dil synagyndan geçmedi


Gazagystanyň prezidentligine garaşsyz kandidat Kanat Esjanow sişenbe güni saýlawlaryň öňüsyrasyndaky bäsdeşlikden çykdy. Ol gazak dili boýunça hökmany ekzameni tabşyryp bilmedi.

Prezidentlige öňki kandidat umumy 36 ýalňyş goýberdi. Ol gazak sportsmenleriniň üstünlikleri barada 15 minutlyk çykyşy başarmady, diňe gazak hem ors sözlerini garym-gatym edip, 6 minut gürläp bildi-diýip, dil komissiýasynyň başlygy žurnalistlere aýtdy.

Astana şäheriniň 48 ýaşly ýaşaýjysy, işsiz Kanat Esjanow prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin kandidaturasyny özi hödürläpdi.

Saýlawlar Gazagystanda 3-nji aprelde geçiriler.
XS
SM
MD
LG