Sepleriň elýeterliligi

Amerikan žurnalisti Kairde hüjüme sezewar boldy


SBS News amerikan telekanalynyň korrespondenti Lara Logan Müsüriň paýtagty Kairde hüjüme sezewar boldy.

Telekompaniýanyň ýolbaşçylarynyň sişenbe güni ýaýradan beýannamasynda žurnalistiň öz topary bilen geçen anna güni Kairiň Tahrir meýdanyndan reportaž berendigi bellenýär.

Garaşylmadyk ýagdaýda olaryň daşyny 200 töweregi adam gabapdyr. Olar gysyp gelişlerine Lara Logany kärdeşlerinden daşlaşdyrypdyr. Ol jynsy masgaralama sezewar edilipdir hem gaty urlupdyr.

Žurnalisti mitinge gatnaşýan aýallar we Müsür armiýasynyň 20 esgeri halas edipdir.

Şenbe güni ABŞ-a gaýdyp gelen Lara Logan häzir keselhanada.

Žurnalistleri goraýan halkara Komitetiň maglumatyna görä, 30-njy ýanwardan bäri Müsür wakalaryny beýan eden žurnalistlerden ölenleriň we ýaralananlaryň sany 140 adam.
XS
SM
MD
LG