Sepleriň elýeterliligi

Internet ulanyjylar üçin ABŞ $25 million goýberer


ABŞ awtoritar režimler tarapyndan gysyş görkezilýän Internet ulanyjylara kömek üçin şu ýyl 25 million dollar goýberer.

Sişenbe güni Waşingtonda çykyş edip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Internetde doly açyk çekişmeleri üpjün etmäge öz ýurdunyň taýýardygyny nygtady.

“ABŞ-nyň administrasiýasy elektron giňişlik bilen bagly halkara strategiýasyny amala aşyrar, biz geljek üçin öz ugrumyzy işläp düzýäris. Bu biz üçin ileri tutulýan daşary syýasat, onuň ähmiýeti gitdikçe diňe artmak bilen bolar” diýip, Hillari Klinton aýtdy.

Klinton şeýle-de geçen hepde sosial set “Twitterde” Döwlet departamenti tarapyndan pars hem arap dillerinde hasaplaryň döredilendigini, indi olaryň hytaý, hindi we ors dillerinde açyljakdygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG