Sepleriň elýeterliligi

Ukrain DIM-niň ýolbaşçysy Klinton bilen duşuşdy


Sişenbe güni ABŞ we Ukraina adam söwdasyna garşy bilelikde göreşmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler.

Dokumente Ukrainanyň daşary işler ministri Konstantin Grişenkonyň Waşingtona saparynyň dowamynda gol çekildi.

Ministr ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen gepleşikler geçirdi. Gepleşiklerde ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk, Ukrainada AIDS-e garşy göreş, ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly meseleler maslahat edildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton şeýle diýdi: “Prezident Ýanukowiç öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirer diýip garaşýarys. Gürrüň hökümetiň has açyk bolmagy, kanunlaryň hemme zatdan ýokarylygy, köpçülikleýin habar serişdelerinde söz azatlygyny goramak, doly bahaly ýuridik reformalar, ukrain halky, oppozisiýa we graždan jemgyýetiň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk barasynda barýar”.
XS
SM
MD
LG