Sepleriň elýeterliligi

Obama täze Müsürden görelde almagy maslahat berdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň liderlerine demokratik reformalara tarapdardygyny yglan eden Müsüriň täze häkimiýetlerinden görelde almagy maslahat berdi.

Waşingtonda bolan metbugat konferensiýasynda Obama prezident Hosni Mubarek wezipeden çekilenden soň harbylaryň ýurdy dolandyrýandygyny hem “gowy yşaratlaryň” gelýändigini aýtdy.

Munuň tersine, Obama duşenbe güni oppozisiýanyň köpçülikleýin protestlerini basyp ýatyrany üçin Eýranyň häkimiýetlerini ýiti tankytlady we, amerikan prezidentiniň sözlerine görä, “uly azatlyk gazanmak üçin özünde gaýrat tapan eýranlylara” goldaw bildirdi.

Obama: “Ýaşlar, ýönekeý adamlar öz maşgalalaryny eklemäge, özüne mynasyp iş tapmaga, bilim almaga, gowy durmuşa bil baglamaga mümkinçiligi duýan halatynda, diňe şol ýagdaýda regionda durnuklylyga ýetip bolar hasap edýärin. Regiondaky ýurtlaryň hökümetleri adamlaryň iş hereketini we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga tarap näçe köp ädim ätseler, şol ýurtlar has-da durnukly bolar” diýdi.
XS
SM
MD
LG