Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Ýakyn Gündogar ýurtlaryny özgerişlige çagyrýar


Interview With Hillary Clinton
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:44 0:00


Ýakynda Tunisde we Müsürde bolan wakalar Demirgazyk Afrika we Ýakyn Gündogara öz täsirini ýetirdi.

Eýranyň basyş astyndaky oppozisiýasynyň Müsürdäki we Tunisdäki gozgalaňlara raýdaşlyk bildirip, 14-nji fewralda geçiren ýörişi polisiýanyň göz ýaşardyjy gazy ulanmak ýaly çärelerine sezewar boldy. Iordaniýanyň hökümeti ençeme proteslerden soň, wezipesinden çekildi. Alžirde, Bahreýnde we Ýemende hökümete garşy çykyşlar geçirildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton 14-nji fewralda Waşingtonda Alhurra telewideniýesine interwýu berdi we Eýrandaky protestçilere garşy rehimsiz basyşlary ýazgardy. Klinton şeýle-de regionyň döwletlerini, şol sanda ABŞ-nyň ýaranlaryny ykdysady hem syýasy reformalary geçirmäge çagyrdy.

Alhurra: Hanym sekretar, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu arap we musulman dünýäsinde “ýer yranma” ýetip gelýär diýdi. Siz onuň pikiri ýa şuňa meňzeş häsiýetlendirmeler bilen ylalaşýarsyňyzmy?

Klinton: Meniň pikirimçe, üýtgeşiklikler bolup geçýär we muny ABŞ, onuň administrasiýasy we meniň özüm goldaýaryn. Sebäbi biziň pikirimize görä, bu diňe bir regionyň ýa aýrybaşga ýurtlaryň däl-de, halkyň, aýratynam ýaşlaryň bähbidi üçin möhüm. Sebäbi olaryň ykdysady, syýasy we demokratik reformalardan peýdalanmak mümkinçiligi bar.

Alhurra: Siz, ýagny ABŞ, Ýakyn Gündogar boýunça öz syýasatyna ýa strategiýasyna regiondaky özgerişler nukdaýnazaryndan täzeçe garamagy planlaşdyrýarmy?

Klinton: Biz muny yzygiderli aýdyp gelýäris, emma möhüm pursatda anyk düşünişmegiň agyr meseledigi mälim. Biz islendik zorluga garşy. Biz ählumumy adam hukuklarynyň tarapdary, aýratyn hem soňky üç hepdäniň dowamynda müsür halkynyň tarapdary. Biz syýasy üýtgeşiklikleriň tarapdary.

Geçen ýylyň jemleri boýunça Dohada eden çykyşymda men režimleriň binýadynyň çägä siňen ýaly ýitirim boljagyny belläpdim. Muny aýtmagymyň sebäbi – gowy dostlarymyzyň we zehinli halklaryň öz mümkinçilikleriniň aglaba köpüsinden peýdalanyp bilmeýänligini görmek bizi örän gynandyrýar. Şeýlelikde men üýtgeşikliklere şaýat boljagymyzy umyt edýärin. Sebäbi bu ýeke-täk dogry ýol.

Alhurra: Ýakyn Gündogarda ABŞ öz ýaranlaryny terk etdi diýýänlere siz nähili jogap berip bilersiňiz?

Klinton: Bu beýle däl. Hakykatda, dostlara we partnýora bolup geçýän wakalara öz garaýşyňy aýtmak, gowy dost we partnýor bolmagyň bir bölegi diýip, hasap edýäris.

Demokrat we Respublikan prezidentlerimiz we administrasiýalarymyz reformalaryň we üýtgeşiklikleriň zerurulygy barada öz garaýyşlaryny Müsüriň hökümetine mälim edip gelipdi. Emma bu tagallalar başa barmady, Müsürde oppozisiýa ýa graždan jemgyýetine ýol berilmedi. Basyşlar barha güýçlendi we biz onuň netijelerini soňky hepdeleriň dowamynda gördük. Şonuň üçin biz öz ýaranlarymyza üýtgeşiklikleriň bolmalydygy barada aýtmagy dowam etdirýäris.

Alhurra: Tunisden we Müsürden soň Alžirde, Ýemende we Bahreýnde demonstrasiýalar başlandy. Bu ýurtlaryň protestçilerine näme diýip bilersiňiz?


Klinton: Parahatçylyga eýermeli we zorlukdan saklanmaly. Bu Müsürde gowy netije berdi. Sebäbi bu size kemçiliksiz pozisiýa eýelemäge we çykyş edip, öz närazylygyňyzy mälim etmäge mümkinçilik berýär. Hak-hukuklaryňyzy talap etmegiňizi dowam etdiriň. Emma özgerişlikleriň ösüşi we şol proseslere gatnaşmaga islegi talap edýänligine göz ýetirmeli.
XS
SM
MD
LG