Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awtoritarizmi däl, halky güýçlendirmeli


Remow: "Halka basyş etjek repressiw apparaty güýçlendirmän, halkyň özüni güýçlendirmeli. Güýçli halk - güýçli döwlet sistemasy diýmek".
Remow: "Halka basyş etjek repressiw apparaty güýçlendirmän, halkyň özüni güýçlendirmeli. Güýçli halk - güýçli döwlet sistemasy diýmek".
Tunisdäki we Müsürdäki hökümetleriň halk demonstrasiýasy arkaly agdarylmagy Merkezi Aziýa döwletleriniň hemmesi bilen bir hatarda Türkmenistanyň häkimiýetleri üçin hem uly sapak bolmalydyr.

Köp synçylaryň pikirine görä, häkimiýet agdarylyşyklaryny amala aşyrmakda döwlete degişli bolmadyk guramalara daýanýan graždan jemgyýetiniň eli bar.

Ilkinji nobatda kellä gelýän sorag — Müsür we Tunisdäki ýaly aktiw graždan jemgyýetçilik Türkmenistanda barmyka? Elbetde, bu soraga gutarnykly jogap bermek örän kyn, sebäbi graždan aktiwligiň gujur-gaýraty diňe halkyň köçä çykan ýagdaýynda ýüze çykman, eýsem olar şeýle ýagdaýlaryň emele gelmezinden ozal belli bolýar.

Aslynda Tunisdäki we Müsürdäki häkimiýet çalyşmasynyň düýp sebäplerini ilkinji nobatda ykdysady, sosial we syýasy ýagdaýlardan gözlemeli. Tunisiň we Müsüriň halklarynyň aglaba bölegi garyplykda ýaşaýar. Ýurduň ykdysady meselelerini çözmäge häkimiýetleriň gaýraty ýetmedi. Şol bir wagtyň özünde döwletiň öz alyp barýan syýasaty bilen ylalaşmaýan adamlara garşy ýowuz syýasat ýöretmegi halkyň nägilelikleriniň ýüze çykmagyna eltdi. Jemgyýetdäki diktatorlara garşy durmak islegi ýyllaryň dowamynda ösdi. Ýene bir bellemeli zat bolsa, şeýle wakalaryň bir günde döremän, eýsem, köp wagtyň dowamyndaky nägilelikleriň netijesinde emele gelenligidir.

Soňky ýyllaryň dowamynda mahmal, çigildem, ýa-da graždan rewolýusiýalarynyň köpelýändigi we olaryň dünýäniň haýsy künjegindeligine garamazadan amala aşýandygyny bellemek gerek. Emma Müsüriň mysalynda bolsa ýagdaýyň üýtgeýändigini görmek bolýar. Müsüriň mysalynda dünýä liderleri bir zada göz ýetirdiler ol hem — syýasatyňy başga bir güýçli döwletiň bähbitlerine görä ýöredeniň bilen öz ornuňda uzak oturmak mümkin däldigi. Häzirki wagtda halkyň hem pikir-garaýşynyň şeýle proseslerde iňňän uly rol oýnaýandygy mälim boldy.

Şu nukdaýnazardan seretsek, türkmen hakimiýetleri özlerini haýsy döwletleriň hatarynda görmek isleýärkä? Demokratik prinsiplere eýerýän we adam hukuklaryna sarpa goýýan güýçli döwletleriň hataryndamy ýa-da graždan jemgyýetinden gorkýan we islendik bir graždan aktiwistine garşy edilen bikanun hereketler bilen halkara jemgyýetçiligine masgara bolýan döwletleriň hataryndamy?

Güýçli döwletiň aktiw graždan jemgyýeti, garaşsyz sud sistemasy, konstutisiýanyň iň ýokary derejede goralmagy we amala aşyrylmagy ýaly aýratynlyklary bar. Türkmenistan güýçli dölwet bolmak isleýärmi? Ine, esasy sorag şu. Güýçli döwlet bolmak islemeýän bolsa, onda onuň gaz turbasyny nireden geçirjekdigini bilmän, kynçylyk çekýän döwlet bolup galma ähtimallygy ýüze çykar, galyberse-de XXI asyrda regionyň güýçli häkimiýetleri kiçi we güýçsüz döwletleri daşary syýasatda bitarap ýagdaýda galdyrmak islänoklar. Bu gün ýüz ýyllaryň dowamynda idegsiz ýatan Antarktidadaky aýsbergleriň üstünde dawa gidýän bolsa, onda Türkmenistan ýaly gaza, nebite baý döwletleriň üstünde hem dawanyň turup biljekdigi Kuweýtiň mysalynda görnüp dur.

Şol sebäpli Türkmenistanyň häkimiýetleri bir zady gowy bilmeli, olaryň geljegi —şu günki ýöredilýän syýasat, şü günki ädilýän ädimdir. Olar geljekde Müsürdäki ýagdaýlary görmek isleýärlermi ýa-da iň bolmanda regiondaky otnositel demokratik diýlip hasaplanylýan döwletleriň derejesine gysga wagtda ýetmekçimi? Müsürde bolup geçen protestler Mubaregiň häkimiýeti ýöreden döwründäki eden-etdiliginiň soňuna çykdy, Mubaregiň döwrüni soňlan operasiýa boldy.

Türkmenistandaky graždan jemgyýetiniň ýagdaýy

Türkmenistanda graždan jemgyýetiniň häzirki ýagdaýyna halkara adam hukuklaryna syn beriji guramalar diýseň pes baha berýärler. Olar öz dokladlarynda graždan jemgyýetine hukuk goraýjy organlar tarapyndan basyş edilýändigi, munuň netijesinde olaryň ýurdy terk etmeli bolýandygy barada aýdylýar. Halkara adam hukuklaryna syn beriji guramalaryň dokladlarynda graždan aktiwistleriniň toslama aýyplamalar bilen türmä dykylýandygy barada hem aýdylýar.

Güýç ulanyjy organlar döwlete degişli bolmadyk guramalar hakda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowa hem ters düşündiriş berýärdiler. Belki olar Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gözüni gorkuzmak maksady bilen, Müsürdäki ýaly demonstrasiýalaryň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýerine ýetirilýändigini aýdarlar. Şeýle ters düşünmeleriň özüne ýetesi sebäbi bar — Türkmenistanda ne sowet döwründe, ne-de Garaşsyzlyk eýýamynda döwlete degişli bolmadyk guramalaryň nämedigini, olaryň nähili maksada gulluk edýändiklerini we nahili güýje eýe bolup biljekdigini bilmediler.

Türkmenistanda hukuk goraýjy organlaryň graždan jemgyýetine iňňän negatiw seretmekleriniň sebäplerini şeýle düşündirip bileris:

Güýç ulanyjy organlaryň graždan jemgyýetini ýurduň hakimiýetine howp hökmünde görkezmegi;

Döwlet häkimiýetleriniň graždan jemgyýetlerini, çigildem rewolýusiýalary we olaryň ýerine ýetirilişi barada toslama gürrüňlerden başga zady bilmeýändigi;

Döwlet institutlarynyň graždan jemgyýetiniň gozgaýan meselelerini çözmäge ukypsyzlygy;

Hukuk binýadynyň sagdyn bolmazlygy;

Sud sistemasynyň bir adama garaşly bolmagy.


Wakalar sapak bolmalydyr

Ýakyn Gündogardaky wakalaryň Türkmenistana ýetirip biljek täsiri:

- Döwlete degişli däl guramalar has köp yzarlanyp başlanar. Bu çäre hökümet üçin gysga möhletde “netije berjek” ýaly hem bolsa, uzak möhletde halkyň peýdaly pikirleriniň ýüze çykarylmazlygyna sebäp bolar. Bu ýagdaý jemgyýeti ysmaz eder.

- Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän, emma hökümete degişli bolmadyk guramalaryň (Magtymguly adyndaky Ýaşlar Birleşigi, Gurbansoltan Eje adyndaky aýallar birleşigi we
ş.m.) sany köpeler, bu bolsa indoktrinasiýa, ýagny döwlet syýasatyny admalara zor bilen kabul etdirmek syýasatynyň ýöredildigi bolar. Bu döwlete örän gymmat düşer we netijesi peýdasyz bolar.

- Şeýle hereketler adamlaryň hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalaryna bolan gyzyklanmasyny azaldar, şonun üçin olar üsti açylmadyk peýdaly zatlar bolup galar. Bu guramalaryň näme peýdasynyň bardygynyň 20 ýyl mundan ozal bilinmeýşi ýaly, 20 ýyl soň hem şeýle bolar. Bu bolsa döwleti has hem ejizleder.


Birleşen Milletler Guramasy gününe iki dollardan az girdeji bilen ýaşaýan adamlaryň iňňän garyplyk derejesinde ýaşaýandygyny kesgitleýär. Türkmenistanda bolsa şeýle ýagdaýda ýaşaýan adamlar köp. Wagtyň geçmegi bilen ol adamlar özleriniň nahili ýagdaýda ýaşaýandyklaryna bir gün bolmasa, bir gün göz ýetirerler. Ýakyn Gündogardaky wakalary daşary ýurt mediasy arkaly yzarlaýanlar, belki, eýýäm köp zada düşünendirler.

Türkmen häkimiýetleri Müsüriň mysalyna seredip, özleriniň ätjek ädimlerini gowy oýlanyp ätmeli. Haýsy döwletiň özleri üçin nusga bolup biljekdigini kesgitlemeli, sebäbi tebigatda bolşy ýaly, güýç konsepsiýasynyň ýok ýeri bolanok, islendik boşlugy başga bir güýç doldurýar.

Türkmenistan awtoritarizmi güýçlendirmeli däl-de, döwleti güýçlendirmeli. Döwleti güýçlendirmek bolsa diňe döwlet institutlarynyň kämil işlemegi we aktiw graždan jemgyýetiniň barlygy bilen mümkin bolýar.

Graždan jemgyýetine we döwlete degişli bolmadyk guramalara, döwlet sistemasynyň ýetmezçiligi ýa-da abanýan howp hökmünde garaman, olaryň halk bilen döwletiň arasyndaky köpri we jemgýyetdäki ýagdaýyň derejesini ölçäp bilýän termometr, gradusnik bolup gulluk edip biljekdigine göz ýetirmeli. Graždan jemgyýeti halkyň arasyndaky gatlak bilen aragatnaşykda bolýar, ol döwletiň halkyň bähbidi üçin uzadylan eliniň ýetmeýän ýa-da kemter galýan ýerinde has aktiw rol oýnaýar. Şol sebäpden Türkmenistan güýçli döwlet bolmak ugrunda ädim ätmek isleýän bolsa, onda ol gijä galman, halka basyş etjek repressiw apparaty güýçlendirmän, halkyň özüni güýçlendirmeli. Güýçli halk - güýçli döwlet sistemasy diýmek.

Galkan Remow halkara gatnaşyklary we hukuk boýunça türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG