Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukrain IIM-niň öňki ýolbaşçysy ýene tussag astynda


Kiýewiň sudy çarşenbe güni Ukrainanyň öňki içeri işler ministri, “Öz-özüňi goraýyş halk partiýasynyň” lideri Ýuriý Lusenkonyň tussag astynda oturmaly möhletini 26-njy aprele çenli uzaltdy diýip, ýurduň Baş prokuraturasynda habar berdiler.

“Interfaksyň” maglumatyna görä, Lusenkonyň tarapdarlary sud diňlenişigi düzgüniniň bozulandygyny öňe sürýärler. Hususan-da, sud prosessiniň açyk diňlenişigine žurnalistler goýberilmändir, öňki ministriň aklawçysy-da prosessden diňe 10 minut öň habarly edilipdir.

Geçen ýylyň dekabrynda tussag astyna alnan Ýuriý Lusenko öz sürüjisini IIM-ne işe kabul etmegi bilen bagly, şeýle-de oňa bikanun adam yzarlamaga rugsat bermekde, döwlet serişdelerini esassyz sowmakda günä bildirilýär. Oppozisiýa bu işde syýasy äheňiň bardygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG