Sepleriň elýeterliligi

ABŞ we Ysraýyl Eýranyň hereketini dykgatly yzarlaýar


ABŞ we Ysraýyl Ortaýer deňziniň gündogar bölegine iki harby gämi ugradan Eýranda bolýan wakalary dykgat bilen yzarlaýarlar.

Çarşenbe güni amerikan ýewreýleri jemgyýetiniň liderleriniň Ierusalimde bolan konferensiýasynda çykyş edip, Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman şol gämileriň Siriýanyň kenarlaryna barýandygynyň çak edilýändigini aýdyp, ony “prowokasiýa” diýip atlandyrdy.

Eýranyň bu hereketine Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak duşmançylyk hökmünde baha berdi we öz ýurdunyň ýagdaýa üns berip syn edýändigini aýtdy.

Bu barasynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Filip Krowli hem şonuň ýaly çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG