Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Alžirde 19 ýyllyk adatdan daşary ýagdaý ýatyrylar


Alžir häkimiýetleri ýurtda 19 ýyl bäri dowam edýän adatdan daşary ýagdaý režimini fewralyň ahyryna çenli ýatyrmakçy.

Alžiriň premýer-ministri Ahmet Ýahýa ilatyň sosial ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hökümetiň ençeme çäreler görýändigini habar berdi.

Tunisdäki we Müsürdäki hökümete garşy çykyşlaryň netijelerinden ruhlanan Alžir oppozisiýasynyň aktiwistleri hepdäniň şenbe güni protest ýörişleriniň ikinji tapgyryny geçirmäge çagyrdy.

Alžirde adatdan daşary ýagdaý yslam radikallary tarapyndan edilýän zorluklaryň birden artmagy sebäpli girizilipdi. Şol zorluklarda 150 müň adam wepat bolupdy.
XS
SM
MD
LG