Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada hökümete garşy protest aksiýalary geçirilýär


Liwiýada hökümete garşy aksiýalar geçirilýär. Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň režimine garşy çykýanlar sosial "Facebook" saýtynda köçelere çykmaga çagyryş etdiler.

Çarşenbe güni adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy Liwiýanyň häkimiýetlerini syýasy aktiwistleri yzarlamagy bes etmäge we parahatçylykly demonstrasiýalara rugsat bermäge çagyrdy.

Hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri Liwiýada ululygy boýunça ikinji şäher - Bengazide polisiýa bilen çaknyşyklarda 38 demonstrasiýaçy ýaralandy.
XS
SM
MD
LG