Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranda kanun çykaryjylaryň çagyryşy ret edildi


Penşenbe güni Eýranyň ýokary sudýasy iki oppozision lideri tussag etmek we olara ölüm jezasyny bermek boýunça çagyryşlary ret etdi.

Duşenbe güni Eýranda geçirilen oppozisiýa protestlerinden soň, hökümet tarapdarlary we ýurduň kanun çykaryjylary oppozisiýa liderleri Mir Hossein Mussawiniň we Mehdi Karrubiniň tussag edilmegine hem-de olaryň ölüm jezasyna höküm edilmegine çagyryş edipdiler.

Ýokary sudýa Aýatollah Sadek Amoli Larijaniniň aýtmagyna görä, sud bu işe sereder, emma munuň bilen bagly derňewler “kanunyň çäginde” geçiriler.
XS
SM
MD
LG