Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýnde köpçülikleýin ýygnanyşyklar gadagan edildi


Bahreýniň harbylarynyň aýtmagyna görä, olar paýtagt Manamanyň möhüm nokatlaryny öz kontrollyklaryna alypdyrlar.

Harbylar bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin köpçülikleýin ýygnanyşyklary hem gadagan etdiler. Bu baradaky beýanat penşenbe güni ýerli telewideniýe arkaly ýaýradyldy.

Mundan öň Bahreýniň polisiýasy paýtagt Manamada eýýäm üç gün bäri dowam edýän hökümete garşy protestleri togtatmak üçin, demonstratlara garşy göz ýaşardyjy gazy we rezin oklary ulanypdylar.

Berilýän maglumatlara görä, bu çärede azyndan dört adam ölüpdir, başga-da 150-ä golaý adama şikes ýetipdir.

Müňlerçe bahreýnliler sişenbe gününden bäri paýtagt Manamanyň merkezi Göwher meýdançasynda protest geçýärler.

Ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň gijäniň dowamynda geçiren çärelerinden soň, paýtagta ýaragly ulaglar we tanklar getirildi.

Protestçiler ýurtda syýasy reformalaryň geçirilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG